Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • 10.11.2025 06:29
  • 7k+

Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar.

2-nji ýerde Hindistan durýar — bu ýerde ýaşaýjylar 352 sagat okap, ortaça 16 kitap okaýarlar.
3-nji ýerde Beýik Britaniýa, onuň yzysüre Fransiýa we Italiýa gelýär.
Fransuzlar ýylda takmynan 305 sagat, italýanlar bolsa 278 sagat kitap okaýarlar.

Russiýa reýtingde 6-njy orny eýeledi — olar ýylda ortaça 11 kitap okap, bu endige 223 sagat sarp edýärler.
Reýtingiň iň aşaky böleginde bolsa Afgansitan ýerleşýär — bu ýerde bir ýylyň dowamynda ortaça diňe 3 kitap okalýar. Şeýle-de Bruneýiň, Pakistanyň, Saud Arabystanynyň we BAE-niň ýaşaýjylary kitap okamakda iň pes görkezijä eýe ýurtlaryň hataryna girýär.


şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 12:34
1.4k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......