Sora wideogeneratory indi Android-de elýeterli boldy

  • 08.11.2025 08:08
  • 2.7k+

ChatGPT hyzmatyny döreden OpenAI kompaniýasy wideo döredýän Sora hyzmatynyň Android ulgamlary üçin wersiýasyny çykardy.

Programma eýýäm Google Play-de peýda boldy, emma häzirki wagtda ähli ýurtlarda elýeterli däl. Mysal üçin, ony häzirlikçe diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylary resmi taýdan ulanyp bilýärler. Şonuň bilen birlikde, käbir ulanyjylar Sora-ny brauzer arkaly hem işledip bilýär.
Sora häzirki wagtda Google Veo 3 bilen deň derejede dünýäniň iň realistik wideo generatorlaryndan biri hasaplanýar. Ulanyjylar onda diňe ýazylan tekstden wideo döretmek bilen çäklenmän, suratlary hem “janlandyryp” bilerler. Emeli aň diňe şekili däl, eýsem sesi hem döredip berýär — gepleşikler, fon sazlary we dürli effektler bilen bilelikde. Sora fotorеalistik görnüşlerden başlap anime stiline çenli dürli gurluşlary goldaýar.

2025-nji ýylyň sentýabrynyň ahyrynda OpenAI Soranyň täze neslini — Sora 2-ni çykardy. Täzelenen wersiýa “Cameo” diýen aýratynlykda üpjün edildi. Onuň kömegi bilen ulanyjy öz suratyny ýa-da meşhur adamlaryň keşbini wideo içine goşup biler.
Ilkibaşda Sora 2 ulanyjylary diňe çakylyk arkaly hasaba goýýardy, ýöne soňra käbir ýurtlarda bu çäklendirme aýryldy. Şeýle hem iOS üçin çykarylan wersiýa rekord wagtda meşhur boldy — programmany bäş günüň içinde bir milliondan gowrak adam göçürip aldy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......