Aýdymçy Robbi Uilýams “Introwertiň kürsüsini” döretdi: oturan adam özüni gujaklanan ýaly duýýar

  • 07.11.2025 06:36
  • 5.8k+

Britaniýaly aýdymçy we sazanda Robbi Uilýams özüni mebel dizaýneri hökmünde barlap gördi. Ol Niderlandlaryň MOOOI kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda “Introwertiň kürsüsini” döretdi. Awtoryň aýtmagyna görä, ol ýumşak we rahat bolup, onda oturan adam özüni biriniň gujagynda ýaly duýýar.

Aýratyn rahatlyk duýgusyny oturgyjyň arkasy bilen tirsekliginiň biri-birine geçip gidýän ýumşak çyzyklary, şeýle-de alpakanyň ýüňünden we pagtadan taýýarlanan material bilen örtülen ýumşak üsti döredýär.

“Seýrek haýallaýan dünýäde biz dynç almak üçin ýer barada ýygy-ýygydan pikir edýäris. Bu kürsi hem hut şeýle ýer” – diýip, Robbi Uilýams aýtdy we bu pikiriň sosial dartgynlylyk bilen göreşmek boýunça şahsy tejribesinden gelip çykandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, “kürsi doly rahatlygy we asudalygy bermek bilen, sungatyň we dizaýnyň diňe bir giňişligi bezemekde däl, eýsem biziň hal-ýagdaýymyza täsir etmekde güýjüni görkezýär”.

MOOOI kompaniýasy Uilýamsyň “rahatlygy we imi-salalygy wasp edýän dizaýnerlik sungatynyň eseri bilen dünýäni geň galdyrandygyny” belledi. Täze kürsiniň bahasy 4395 dollar. 

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......