Dünýä ýurtlarynda iş hepdesiniň dowamlylygy boýunça sanaw taýýarlanyldy

  • 13.11.2025 11:22
  • 10k+

World Population Review 2025-nji ýyl üçin dünýä ýurtlarynda iş hepdesiniň ortaça dowamlylygy barada deslapky maglumatlary çap etdi.

Reýting Halkara zähmet guramasynyň (ILO) we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) maglumatlaryna esaslanýar. Hasaplamalarda doly we bölekleýin işde işleýän işgärler hem-de özbaşdak zähmet çekýän adamlar hem göz öňünde tutulypdyr.
Maglumatlara görä, iň gysga iş hepdesi şu ýurtlarda hasaba alyndy:

  • Ýemen — 25,9 sagat,
  • Niderlandlar — 26,8 sagat,
  • Norwegiýa — 27,1 sagat,
  • Awstriýa — 28,4 sagat.

Iň uzak iş hepdesi bolsa şu ýurtlarda bellenildi:

  • Butan — 54,5 sagat,
  • Sudan — 50,8 sagat,
  • Lesoto — 50,2 sagat,
  • Kongo Respublikasy — 48,7 sagat,
  • BAE — 48,4 sagat,
  • San-Tome we Prinsipi — 48,2 sagat.

Şeýlelikde, 2025-nji ýylda dünýä ýurtlaryndaky iş wagty boýunça tapawutlar örän uly bolup galýar.

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......