Gabsburglar maşgalasynyň ýiten göwheri 100 ýyldan gowrak wagtdan soň tapyldy

  • 08.11.2025 13:38
  • 9.1k+

100 ýyldan gowrak wagt bäri ýiten diýlip hasaplanýan Gabsburglar hazynasyndan “Florenties” göwheri tapyldy. Häzire çenli ol Kanadanyň Kwebek welaýatynyň bank seýfinde saklanypdyr, ýöne maşgalanyň köp agzasy bu barada bilmeýärdi diýip, maşgalabaşy Karl Gabsburg-Lotaringskä salgylanyp, The New York Times we Der Spiegel habar berdi.

Agramy 137 karatdan gowrak bolan göwher bilen birlikde ýene 15 sany gymmat bahaly şaý-sep tapyldy. Olar 1918-nji ýylyň noýabrynda, Awstriýa-Wengriýa imperiýasy dargamazdan öň imperator Karl I-niň buýrugy boýunça Awstriýadan getirilen eken.
Wenadaky Hofburg imperator hazynasyndan onlarça eksponat Şweýsariýa iberilipdir. Gymmat bahaly zatlaryň sanawyna “Florentiesden” başga-da, imperator aýaly Ýelizawetanyň göwher täji we imperator aýaly Mariýa Tereziýanyň uly zümerretli bezegi girdi.
Gabsburglardan öň “Florenties” Florensiýanyň hökümdarlaryna, Mediçi maşgalasyna degişlidi. Hoz ululygyndaky göwher sary reňkde lowurdaýar we dünýäde ululygy boýunça dördünji göwher hasaplanýar.
Imperiýa dargandan soň göwheriň ýitendigi barada gürrüňler peýda boldy. The Washington Post gazeti 1921-nji ýylda onuň ýitendigini ýazdy we şondan soň bu barada dürli pikirler öňe sürüldi. 1981-nji ýylda auksionda “Florentiesden” iki esse kiçi diýen ýaly sary almaz peýda boldy, bu hem göwheriň ogurlanyp, gaýtadan granlanandygy baradaky täze çaklamalara sebäp boldy.
Hakykatda bolsa, Gabsburglar maşgalasy göwheri we beýleki hazynalary gizlin saklapdyr. Imperator aýaly Sita bu maglumaty diňe iki ogluna – Robert bilen Rudolfa ynanyp, howpsuzlyk üçin bu maglumaty 1922-nji ýylda Karl aradan çykandan soň 100 ýyllap hiç kime aýan etmezligi tabşyrypdyr. Soňra ogullary bu maglumaty öz çagalaryna aýdypdyr.
Indi maşgala göwheri geljek birnäçe ýyl Kanadadaky muzeýde goýmagy meýilleşdirýär. Ony satmak göz öňünde tutulmaýar.

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......