92 ýaşly amerikaly dünýäde işleýän iň garry santehnik diýlip ykrar edildi

  • 12.11.2025 08:41
  • 10k+

92 ýaşly amerikaly Ross Palermo dünýäde işleýän iň garry santehnik hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Palermo bu kärde tas 75 ýyl bäri zähmet çekýär. Ol 1933-nji ýylda italýan immigrantlarynyň maşgalasynda dünýä indi we orta mekdebi tamamlan badyna 1951-nji ýylda işe başlady. 1953-nji ýylda ol Koreýadaky uruş wagty goşuna çagyryldy, ýöne gullukdan soň ýene-de santehnik işine gaýdyp geldi.
Ilkibaşda ol Arco Plumbing kompaniýasynda zähmet çekdi, 1965-nji ýylda bolsa hususy R&G Plumbing, Inc. firmasyny açdy we ony kärdeşi bilen bilelikde 1990-njy ýyllara çenli dolandyrdy.
Dyz agyrysyna garamazdan, Palermo çagyrylan wagty işe gitmegini dowam etdirýär. Häzirki günde ol, esasan, köp ýyllar bäri tanyş bolan köne müşderilerine kömek edýär.
Tanyşlary Rossy hyjuwly we akýürekli adam hökmünde häsiýetlendirýär.


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....