9-njy noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Dabaranyň çäklerinde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Onda oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri, ýurdumyzyň welaýatlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Sergide däneçilik pudagyna degişli sergi diwarlygyna aýratyn orun berlipdir.
Ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, türkmen toýuna mahsus milli tagamlar taýýarlanyldy. Milli göreş, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar ussatlary ýüze çykardy. Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.
Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de maslahatlar, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.