Bloomberg: Apple iPhone-nyň prosessory oturdylan arzan bahaly MacBook taýýarlaýar

  • 07.11.2025 10:30
  • 1.9k+

Apple kompaniýasy arzan bahaly MacBook çykarmagyň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg neşiri çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Täze noutbuk web sahypalaryny görkezmek, resminamalar bilen işlemek, multimedia faýllaryny ýeňil redaktirlemek ýaly ýokary güýç talap etmeýän gündelik işler üçin niýetlenýär.
Maglumata görä, kompaniýa häzirki wagtda “J700” kody bilen tanalýan noutbugy synagdan geçirýär. Ol daşary ýurt üpjün edijileri tarapyndan irki önümçilik tapgyrynda durýar. Täze modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji ýarymynda satuwa çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Mark Gurmanyň ýazmagyna görä, bu MacBook has ýönekeý komponentler bilen üpjün ediler: iPhone-nyň prosessory, has pes hildäki LCD displeý we häzirki Mac modellerinden iň kiçi ekran — takmynan 13,6 dýuýmly MacBook Air-den hem birneme kiçi.
Apple ilkinji gezek noutbukda iPhone-nyň prosessoruny ulanýar — öň kompaniýa Mac kompýuterleri üçin aýratyn M seriýaly çipleri döredýärdi. Bloomberg-niň maglumatlaryna görä, içki synaglar iPhone-nyň çibiniň eýýäm birnäçe ýyl ozal Mac-larda ulanylan M1-denem has gowy işleýändigini görkezdi. Mundan öň iPhone-nyň prosessorlary diňe iPad-larda ulanylypdy.
Bloomberg arzan MacBook-yň bahasynyň müň dollardan ep-esli aşak boljakdygyny — takmynan 600 dollar töwereginde boljakdygyny ýazýar. Bu iPad-i (başlangyç derejesi) Magic Keyboard Folio bilen ýa-da ChromeOS ulgamy bar Chromebook bilen deňeşdirip bolýar.
Apple kompaniýasynyň wekili bu maglumatlar baradaky teswirden ýüz öwürdi.
Bu model Apple üçin ilkinji arzan bahaly noutbuk bolar. Kompaniýa öň premium-segmente gönükdirilen, ýokary girdejili enjamlar öndürip gelýärdi. Şonuň üçin 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Apple dünýä kompýuter bazarynyň takmynan 9%-ini eýeläpdi we Lenovo, HP we Dell-dan soň dördünji ýerde durýardy.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...