Collins sözlügi “Waýb-kodingi” ýylyň sözi hökmünde saýlady

  • 08.11.2025 18:27
  • 1.7k+

Vibe coding (“waýb-koding”) adalgasy iňlis diliniň sözlügi Collins tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi diýlip saýlandy. Sözlükde bu sözüň emeli aňyň gündelik durmuşa we hünär işine artýan täsirini görkezýändigi bellenilýär.

“Waýb-koding” adalgasy Tesla-da EA boýunça öňki direktor we OpenAI-iň esaslandyryjylarynyň biri bolan Andreý Karpati tarapyndan oýlanyp tapyldy. Ol işläp düzüjiniň ýumuşlaryň tekst beýanyny ýazýan, EA-nyň bolsa taýýar kody döredýän programmirleme çemeleşmesini aňladýar. Şeýle usul “koduň özi barada pikir etmezden” diýen ýaly programma döretmäge mümkinçilik berýär.
2025-nji ýylyň fewralynda adalga ilkinji gezek peýda bolany bäri Collins-iň leksikograflary onuň has köp ulanylyp başlanandygyny hasaba aldy. Şeýle-de, meşhur sözleriň arasynda şu aşakdakylar bar:

  • Biohaking (biohacking) – saglygy gowulandyrmak üçin organizmiň tebigy proseslerini üýtgetmäge gönükdirilen hereket;
  • Klanker (clanker) – “Ýyldyz söweşleri” bilen meşhur bolan, kompýuterler, robotlar ýa-da EA çeşmeleri üçin kemsidiji söz;
  • Glazirlemek (glaze) – aşa we ýasama götergilemek;
  • Aura-farming (aura farming) – harizmatik obrazy emeli döretmek;
  • Genri (High Earner, Not Rich Yet, gysgaça – Henry) – “ýokary girdeji alýan, ýöne entek baý däl” adamlar üçin akronim;
  • Kulkeýşen (coolcation) – salkyn howaly ýurtda dynç alyş;
  • Task-masking (task-masking) – öndürijilikli işlän bolmak;
  • Mikropensiýa (micro-retirement) – şahsy gyzyklanmalary durmuşa geçirmek üçin karýerada gysga arakesme.

​​​​​​​

şu gün 12:35
2.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......