“Alaň 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy

  • 13.11.2025 18:57
  • 4k+

Internetde “Alaň” franşizasynyň üçünji bölüminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler.

Baş keşplerde ýene-de Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Joş Brolin, Anýa Teýlor-Joý we beýleki aktýorlar çykyş ederler. Antagonistiň keşbini Robert Pattinson ýerine ýetirýär. Filmiň režissýory öňküsi ýaly — Deni Wilnýow.
“Alaň 3-iň” wakalary ikinji bölegiň wakalaryndan 12 ýyl soň bolup geçýär we Pol Atreidesiň dolandyran döwrüni görkezýär.
Frank Gerbertiň romanynyň ilkinjisi 2021-nji ýylda, dowamy bolsa 2023-nji ýylda görkezilipdi. Iki film, umumylykda 1,1 milliard dollar girdeji toplady.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....