TikTok iň gowy blogerler üçin baýrak döretdi: ýeňijileri ulanyjylaryň özi saýlar

  • 07.11.2025 19:12
  • 9.3k+

TikTok wideo platformasy kontent awtorlary üçin hususy TikTok Awards baýragynyň döredilendigini mälim etdi. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Baýragyň ilkinji gowşurylyş dabarasy 18-nji dekabrda ABŞ-da geçiriler. Ýaýlyma TikTok goşundysynda tomaşa edip bolar. Dabaranyň Ýuwaş umman wagty boýunça 18:00-da (Aşgabat wagty bilen ertesi gün 07:00) başlamagy meýilleşdirilýär.
Kompaniýada bellenilişi ýaly, baýrak bilen platformanyň awtorlary, trendleri we iň belli wakalary sylaglanar. Ýeňijileri TikTok ulanyjylary saýlar: ses berişlik 18-nji noýabrda başlar we 2-nji dekabra çenli dowam eder.
Jemi 14 kategoriýa göz öňünde tutulýar. “Ýylyň awtory” adyna @adamw, @alixearle, @brookemonk, @keith_lee125 we @kristy.sarah dalaş edýär. “Ýylyň öňegidişligi” kategoriýasynda @alexwarren, @katseyeworld, @laufey, @ravynlenae we @sombr bar. Şeýle-de, “Ýylyň wideosy”, “Ýylyň muzasy”, “Ýylyň gürrüňçisi” we beýleki üstünlikler üçin baýraklar gowşurylar.
Ozal Instagram kontent awtorlary üçin öz Rings baýragyny döredipdi. Ýeňijiler dizaýner Mark Jeýkobsdan, režissýor Spak Liden, bloger Murad Osmanndan we hudožnik Kaws-dan ybarat eminler tarapyndan kesgitlenýär.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......