GTA VI-nyň relizi ýene süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň noýabrynda çykar

  • 08.11.2025 18:04
  • 4.9k+

Grand Theft Auto VI wideooýnunyň relizi ýene süýşürildi – oýun indi 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda çykar. Bu barada Rockstar Games-iň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda habar berildi.

Işläp düzüjiler taslamany doly işläp gutarmak üçin köp wagtyň gerek boljakdygyny belledi. Olar oýnuň çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan franşizanyň muşdaklarynyň öňünde ötünç sorady.
Ilkibaşda GTA VI-ny 2025-nji ýylyň güýzünde çykarmak meýilleşdirilipdi, soňra möhlet 2026-njy ýylyň 26-njy maýyna geçirildi. Maý aýynda oýunçylar üçin oýnuň täze treýleri hödürlendi.
Treýlerde baş gahrymanlar – Jeýson we Lýusiýa görkezilýär. Olar uly bir dildüwşügiň merkezine düşmek bilen, Leonida ştatynda diri galmak üçin göreşmeli bolar.

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......