Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer

  • 13.11.2025 17:25
  • 3.2k+

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer. Ol režissýor we prodýuser Tom Forduň “Asmana bakyp ýygla” filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Variety habar berýär.

Film Enn Raýsyň 1982-nji ýyldaky adybir romany esasynda surata düşüriler. Wakalar XVIII asyrda Italiýada bolup, garaşylmadyk ýagdaýda iki sany adamyň ykballarynyň sataşmagy, ýagny wenesiýaly dworýan bilen opera aýdymçysy barada gürrüň berýär. Tom Ford filmiň ssenarisini özi ýazyp, prodýuser hökmünde hem çykyş edýär.
Filmiň aktýorlar düzüminiň arasynda Nikolaus Holt, Aaron Teýlor-Jonson, Kolin Fýort, Jorj Makkeý, Mark Strong, Hanter Şafer, Pol Bettani, Ouen Kuper, Kiran Haýnds, Tandiwe Nýuton we beýlekiler bar.
Surata düşürmek işi ýanwarda başlanar we London bilen Rim şäherlerinde geçiriler. Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň güýzünde bolar diýlip meýilleşdirilýär. Tom Ford filmi öz hasabyna maliýeleşdirýär we önümçilik tamamlanandan soň distribýutor tapmagy meýilleşdirýär.
Tom Ford meşhur moda dizaýneri we öňki Gucci hem-de Yves Saint Laurent markalarynyň döredijilik direktory hökmünde tanalýar. Ol režissýor hökmünde 2009-njy ýylda “Sallah adam” atly filmi bilen ilkinji çykyşyny edipdi, onuň ikinji filmi “Gijäniň bukusynda” bolsa, 2016-njy ýylda Wenesiýa kino festiwalynyň eminler baýragyna mynasyp bolupdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....