Xiaomi öz taryhynda fiziki zumly ilkinji smartfonyny taýýarlaýar

  • 07.11.2025 06:29
  • 4.1k+

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny taýýarlaýar. Ol eýýäm iki görnüşde – 2512BPNDAC we 25128PNA1C belgileri bilen Hytaýda şahadatnamalaşdyrmakdan geçdi. Bu barada Digital Chat Station insaýderi habar berýär.

Maglumata görä, modelleriň ikisi-de ultra-giň zolakly aragatnaşygy (UWB) goldaýar. Uly wersiýa aragatnaşygyň ýok ýerinde jaň etmek we habar ibermek üçin goşmaça Tiantong we Beidou hemra ulgamlary bilen hem işläp bilýär.
Xiaomi 17 Ultra-nyň esasy aýratynlygy fiziki zumly kamera bolar. Ol In-Sensor Zoom (ISZ) funksiýaly 50 Mp esasy sensor bilen dürli fokus aralyklary we makro-düşüriş bilen işläp bilýän 200 Mp periskopik teleobýektiwi birleşdirýär. Şeýle kameralar giň dinamiki diapazony we islendik ýagtylykda ýokary aýdyňlygy üpjün edýär.
Smartfon durulygy 2K we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,8 dýuýmlyk tekiz OLED displeýine eýe bolar, onuň işine bolsa bir kristally Snapdragon 8 Elite Gen 5 ulgamy jogap berer. Gurluş IP68 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan goragly bolup, simsiz zarýad alşy goldaýar. Ol ýokary sygymly Xiaomi Jinsha River akkumulýatory bilen enjamlaşdyryldy.
Flagmanyň hytaý Täze ýylyndan öň gara, ak we benewşe reňklerde çykmagyna garaşylýar. Esasy wersiýanyň bahasy, takmynan, 6000 ýuan (takmynan, 845 dollar) bolup biler.
Digital Chat Station ozal Xiaomi 15 we Xiaomi 15 Pro barada ilkinji bolup takyk maglumatlary berdi hem-de Realme GT 7 Pro-nyň aýratynlyklaryny we Dimensity 9400 çibiniň ir çykmagyny çaklady. 


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...