Apple iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeldýär

  • 11.11.2025 14:20
  • 2.9k+

Apple kompaniýasy iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, kompaniýa hemralary gyssagly jaňlardan daşary hem ulanmaga mümkinçilik berjek birnäçe tehnologiýany öwrenýär.

Apple smartfonlar üçin hemra tehnologiýalary bilen eýýäm on ýyl bäri gyzyklanýar, bu hem 2022-nji ýylda Emergency SOS funksiýasynyň peýda bolmagyna getirdi. Indi kompaniýa bu tehnologiýany has ösdürmek isleýär.
Kompaniýanyň içinde Globalstar ýa-da SpaceX ýaly daşarky prowaýderlere garaşly bolmazdan, hususy hemra hyzmatlaryny hödürlemek pikiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýöne ýolbaşçylyk “Apple-iň aragatnaşyk operatory däldigi we özüni operator hökmünde alyp barmaly däldigi” baradaky netijä geldi.
Gurman hususy hemra tehnologiýalarynyň kompaniýa birnäçe artykmaçlyklary berip, üçünji taraplara garaşlylygy azaldyp biljekdigini belleýär. Apple-de häzirki wagtda işlenýän tehnologiýalaryň arasynda şu aşakdakylar bar:

  • ·Üçünji tarap programmalary üçin freýmwork – işläp düzüjilere öz programmalaryna hemra aragatnaşygyny goşmaga mümkinçilik berer.
  • ·Hemralar arkaly Apple Maps-de nawigasiýa – ulanyjylar öýjükli aragatnaşyga birikmezden ýa-da kartany öňünden ýüklemezden kartada ugurlary belläp biler.
  • ·Habarlar bilen alyşmagyň giňeldilen mümkinçilikleri – hemra arkaly tekst we surat ibermek.
  • ·Aragatnaşygyň hilini ýokarlandyrmak – hemra aragatnaşygy diňe bir açyk howada däl, eýsem awtomobilde ýa-da ýapyk binada işlär.
  • ·5G NTN (Non-Terrestrial Networks) goldawy – hemralary ýerüsti torlaryň hereket ediş zolagyndan daşary aragatnaşyk üçin ulanmaga mümkinçilik berer.

Žurnalist bu tehnologiýalaryň haýsy tapgyrdadygyny we iPhone-da haçan peýda boljakdygyny aýdyňlaşdyrmady. 


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...