Ankarada Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli «Wagzy-Azat» kitabynyň türk dilindäki nusgasy tanyşdyryldy

  • 08.11.2025 18:00
  • 2.3k+

6-njy noýabrda Ankara şäherindäki Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynyň binasynda beýik türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň 330 ýyllygy mynasybetli, onuň «Wagzy-Azat» atly kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnaldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjy-şahyrlar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Beýik türkmen şahyrynyň we filosofynyň ömri hem-de döredijiligi baradaky kitap türkolog alym, türki edebiýatynyň bilermeni doktor Soner Saglam tarapyndan taýýarlanylyp neşir edildi. Bu eser türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny türki dünýäsinde beýan etmekde möhüm goşant boldy.

Çärede çykyş edenler, Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginiň umumy türki ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigini hem-de taryhy we medeni kökleri umumy bolan halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy baýramçylyk ruhunda geçip, Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky netijeli medeni hyzmatdaşlygyň ýene bir nyşany boldy.


düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.1k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
8.2k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
790

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......