Çehiýadan model “Ýer hanymy – 2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 07.11.2025 22:31
  • 11k+

Manilada “Ýer hanymy – 2025” (Miss Earth) gözellik bäsleşigi geçirildi. Onuň ýeňijisi Çehiýadan Natali Puşkinowa boldy. Täji oňa geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi, awstraliýaly Jessika Leýn geýdirdi.

Bu Çehiýanyň wekiliniň bäsleşikde ikinji gezek ýeňiş gazanmagy boldy – 2012-nji ýylda “Ýer hanymy” adyna Tereza Faýksowa mynasyp bolupdy.
Şeýle-de, “Ýer Howa hanymy” adyny Islandiýanyň wekili Sollis Wala Iwarsdottir, “Ýer Suw hanymy” adyny Wýetnamyň wekili Çin Mi An, “Ýer Ot hanymy” adyny bolsa Tailandyň wekili Wari Ngamkham aldy.
Umuman alanyňda, şu ýyl “Ýer hanymy” titulyna 78 gözel dalaş etdi.
Bäsleşik 2001-nji ýyldan bäri geçirilýär we “Dünýä hanymy”, “Älem hanymy” we “Interneşnl hanymy” bilen bir hatarda iň uly gözellik bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Ol gözellik bäsleşigi pudagyny “daşky gurşaw barada habarlylygy ýokarlandyrmagyň netijeli guraly hökmünde” ösdürmäge gönükdirilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar diňe bir gözellik boýunça däl-de, eýsem ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri baradaky bilimleri boýunça bäsleşýär. Bäsleşigiň ýeňijisi Ýer ýüzünde adamyň ýaşaýyş gurşawyny gorap saklamak maksatnamasyny (UNEP) ösdürmek meselelerinde BMG-niň wekili bolýar. 

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......