Apple TV zastawkasyny täzeledi – onuň sazyny Finneas ýazdy

  • 10.11.2025 10:50
  • 1.2k+

Amerikaly aýdymçy we kompozitor Finneas Apple TV akym platformasy üçin täze gysga saz zastawkasyny ýazdy. Indi bu intro hyzmatdaky ähli film we seriallaryň öňünde peýda bolýar diýip, Deadline gürrüň berýär.

Finneas bu taslama gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy:

«Men bu işi etmek mümkinçiligine örän begenýärin. Täze saz Apple-yň döredýän ajaýyp gurallaryna laýyk geler diýip umyt edýärin».

Täze sazly giriş Apple TV-niň giň gerimli täzelenmesiniň bir bölegidir. Platformanyň logotipi hem üýtgedildi — ol has ýagty görnüşe geçdi, hyzmatyň adyndan bolsa öňki “+” belgisi aýryldy.
Apple TV 2019-njy ýylda işe girizilipdi. Şondan bäri platforma Apple Originals brendi bilen birnäçe iri seriallary we filmleri çykardy. Olaryň arasynda “Irdenki şüweleňi” (The Morning Show), “Bölünişik” (Severance), “Ted Lasso”“Dikinson” bar. 2021-nji ýylda platforma “CODA: ker ene-atanyň çagasy” filmi bilen Oskar baýragyny alan ilkinji akym hyzmaty boldy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....