Jonni Depp Dikkensiň "Roždestwo aýdymy" powestiniň täze ekranlaşdyrmasynda Skrujyň keşbini janlandyrar

  • 10.11.2025 11:01
  • 2.2k+

Jonni Depp Çarlz Dikkensiň meşhur "Roždestwo aýdymy" powestiniň täze ekranlaşdyrylýan wersiýasynda Ebenezer Skrujyň keşbini janlandyrmaga taýýarlanýar. Paramount Pictures-iň taslamasyna "X" gorkunç trilogiýasy bilen tanalýan režissýor Ti Uest ýolbaşçylyk eder diýip, Nexus Point News habar berýär.

Variety-niň maglumatyna görä, film häzirki wagtda “Ebenezer: A Christmas Carol” iş ady bilen tanalýar. Ssenarini Nataniel Halpern ýazdy, esasy keşpleriň birini bolsa Andrea Raýzboro ýerine ýetirer. Filmiň 2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda çykmagyna garaşylýar.
Depp soňky ýyllarda öňki aýaly bilen kazyýet dawasyndan soň esasan garaşsyz taslamalarda çykyş edipdi. Täze film onuň “Hyýaly mahluklar: Grin-de-Wald” (2018) filminden soň uly ekrana dolanyp gelýändigini alamatlandyrýar.
Skruç baradaky hekaýat öň hem köp gezek ekranlaşdyrylypdy. Häzirki wagtda režissýor Robert Eggers hem Warner Bros. üçin öz wersiýasyny taýýarlap, onda baş keşbi Uillem Defo janlandyrýar.
Dikkensiň eseriň iň meşhur ekran wersiýalarynyň biri hökmünde Robert Zemekisiň Jim Kerri oýnan animasiýa filmi (2009) bolupdy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....