Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we Arkadag şäherinde saglygyny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlar gowşuryldy

  • 11.11.2025 00:49
  • 5.7k+

Türkmenistanda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnandygynyň beýanydyr. Ol halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde döwrebap derejede ösdürilýändiginiň güwäsidir.
Çäräniň dowamynda bu ýerde bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli sowgatlaryň gowşurylan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini bellediler.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň we ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......