Buker baýragyny wenger-britan ýazyjysy Dewid Soloýyň romany aldy

  • 12.11.2025 00:32
  • 2k+

2025-nji ýylyň Buker baýragyny “Flesh” (“Syna”) romany üçin Dewid Soloý aldy. Ýeňijä kubok we 50 müň funt sterling berildi. Baýragy ýazyja geçen ýylky ýeňiji Samanta Harwi gowşurdy.

Şu ýyl eminler toparyna ýazyjy Aýobami Adebaýo, ýazyjy we tankytçy Kris Pauer, romançy Kaýli Rid, ýazyjy we dramaturg Roddi Doýl we aktrisa Sara Jessika Parker girdi.
Dewid Soloý 1974-nji ýylda Monrealda dünýä indi. Onuň 2009-njy ýylda çap edilen ilkinji romany London and the South-East iň gowy ilkinji eser üçin Betti Trask britan baýragyny aldy. 2010-njy ýylda The Telegraph žurnaly ony kyrk ýaşa çenli iň gowy britaniýaly ýazyjylaryň sanawyna goşdy. 2016-njy ýylda All That Man Is hekaýalar ýygyndysy Buker baýragynyň gysga sanawyna girdi.
“Flesh” romany ýaşlykda tötänleýin wakadan soň durmuşy üýtgän wengriýaly emigrant Iştwan barada gürrüň berýär. Roddi Doýlyň aýtmagyna görä, kitap “adatça, üns berilmeýän işçi synpyndan bolan adama bagyşlanýar” we “onuň içki dünýäsine seretmäge” mümkinçilik berýär.
zUmuman alanyňda, şu ýyl baýrak üçin 153 kitap dalaş etdi. Gysga sanawa alty eser girdi. 

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......