12k+

Döwlet we Hökümet Baştutanlary halkara parahatçylyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelýärler

Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma gatnaşyjylary kabul edýär. Dabaraly çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza köp sanly ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda birnäçe döwlet we Hökümet Baştutanlary gelýär...

1.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

2.4k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi  geçiriler diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Sergi ykdysadyýetiň milli pudaklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir...

1.2k+

Raşid Meredow Somaliniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Somali Federatiw Respublikasynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Abdisalam Abdi Ali telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň çäklerinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselesine aýratyn orun berildi...

12k+

Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler...

21k+

Wladimir Putin 12-nji dekabrda Türkmenistana geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň döwlet Baştutanynyň kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär...

12k+

Aşgabadyň merkezi şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklediriler

8 – 12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň birnäçe şaýollarynda awtoulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendiriler. Bu çäreler  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly görülýär...

8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi...

3.2k+

Rumyniýada geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti bellenildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi. Maslahat Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...