Garagumuň içi bilen 206 km: Türkmenistanyň Ralli-reýd boýunça çempionaty geçirildi

  • 10.12.2025 10:57
  • 12k+

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topary T2 synpyndaky wnedorožnikleriň hasabynda Türkmenistanyň ralli-reýd boýunça çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Bäsleşik Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy.
Çempionat iki günüň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe we Baharly etraplarynyň çäginde, Garagum çölünde geçirildi. Ýoluň umumy uzynlygy 206 km boldy.
Ýaryşa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň we Awtomobil sporty federasiýasynyň toparlaryndan 12 sany ekipaž gatnaşdy.
Daňatarowyň ekipažy 2 sagat 21 minut 36 sekunt bilen iň gowy netijäni görkezip, pellehana birinji geldi.
Ikinji orny Awtomobil ulaglary ministrligi üçin çykyş eden Merdan Toýlyýew 2 sagat 39 minut 48 sekunt netije bilen eýeledi.
Baýrakly üçlügi Içeri işler ministrliginiň türgeni Süleýman Annamämmedow (2 sagat 43 minut 27 sekunt) tamamlady.


03.06.2026 17:49
3.7k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......