Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän sergi 11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda bu çäräniň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň güwäsine öwrüljekdigine berk ynanýandygyny belledi.
"Bedew bady bilen öňe barýan Bitarap ýurdumyz halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürmek bilen, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň aýdyň mysalydyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk halkara giňişlikde ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň esasy, syýasy we ykdysady işiniň binýatlaýyn ýörelgesidir. Bitarap döwletimiz bu halkara hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan mizemez ýörelgeleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işjeň ilerledýär" diýip döwlet Baştutany belleýär.
Serdar Berdimuhamedowyň gutlagynda belleýşi ýaly, ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, halkymyzyň asuda Watanda bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek bolsa döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi we baş maksadydyr.
"Bu mukaddes wezipä eýerip, eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen maksatnamalar, halkara ähmiýetli taslamalar, düýpli özgertmeler beýik maksada — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.