Aşgabatda awtobuslaryň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgediler

  • 05.12.2025 09:26
  • 12k+

Aşgabat şäheriniň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 9-12-nji dekabr aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlar wagtlaýyn çäklendiriler. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Baýramçylyk günlerinde awtobuslar goşmaça ugurlary ulanyp, Garaşsyzlyk,  Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollaryndan geçer. Bu üýgeşmeler 7, 9, 13, 14, 16, 18, 23, 47, 53, 54, 59, 73 we 113-lik awtobuslaryň ugurlaryna täsir eder.

14-lik belgili «Gurtly – Parahat-7» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Alyşir Nowaýy köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi arkaly dowam etdirip, Oguz han köçesindäki «Ýyldyz» aýlawyndan yzyna dolanýar we Atmyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Atamyrat Nyýazow şaýolundan ugruny gündogara tarap dowam etdirip, Garaşsyzlyk şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan 10 ýyl Abadançylyk şaýoluna düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.

59-lyk belgili «Gurtly – Köpetdag şaýoly» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan günbatara hereketini dowam etdirip, Gökdepe ýoluna –günorta tarapa düşýär. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň aýlawyndan yzyna aýlanyp, hereketini ýene-de Gökdepe ýoly boýunça dowam etdirýär.

13-lik belgili «Awtokombinat –  Gurtly», 23-lik belgili «Parahat-7 Gurtly», 113-lik belgili «Awtokombinat – Gurtly» gatnaw ugurlary
Belleniş nokadyndan hereketini Görogly köçesi boýunça dowam etdirip, Nurmuhammet Andalyp köçesine düşýär we öňki gatnaw ugurlary boýunça hereket edýärler.

18-lik belgili  «Parahat-7 – Halkara howa menzili» gatnaw ugry
Belleniş nokadyndan Halkara howa menziline düşüp, hereketini Atamyrat Nyýazow şaýoly arkaly dowam etdirýär.

47-lik belgili «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan ugur alyp, hereketini Hoja Ahmet Ýasawy köçesini kesip geçip, Nurmuhammet Andalyp köçesi boýunça dowam etdirýär.

54-lik belgili «Gurtly – Arkadag oteli»  gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Alyşir Nowaýy köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi arkaly dowam etdirip, Oguz han köçesindäki «Ýyldyz» aýlawyndan yzyna dolanýar we Atmyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Atamyrat Nyýazow şaýolundan ugruny gündogara tarap dowam etdirip, Garaşsyzlyk şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan 10 ýyl Abadançylyk şaýoluna düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.

73-lik belgili «Gurtly – Parahat-7» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan hereketini Oguz han köçesi boýunça dowam etdirip, «Ýyldyz» aýlawyndan aýlanyp Bitarap şaýolunyň günbatar tarapyndaky ugurdaş köçesi we Atamyrat Nyýazow şaýoluna düşýär. Garaşsyzlyk şaýolundan Oguz han köçesine düşüp, hereketini öňki ugry boýunça dowam etdirýär.

7-lik belgili «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan çykyp, hereketini Magtymguly we Atamyrat Nyýazow şaýollary arkaly dowam etdirip, Aga Berdiýew, Geldi Bäşiýew köçeleri boýunça Garry Kulyýew köçesine düşüp, ýoluny dowam etdirýär.

53-lik belgili  «Gurtly – Awtomenzil» gatnaw ugry
Gurtly belleniş nokadyndan çykyp, hereketini Görogly köçesi, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Hoja Ahmet Ýasawy, Nurmuhammet Andalyp, Zynhary köçeleri arkaly dowam etdirýär.

9-lyk belgili «Awtokombinat – Bitaraplyk binasy», 16-lyk «Arzuw – Çandibil bazary» gatnaw ugurlary
Belleniş nokatlaryndan ugur alyp, «Gyzyl ýyldyz» köçesi bilen 10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň çatrygyndaky ýol yşykdan saga aýlanyp, öňki tertipde hereketlerini dowam etdirýärler.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....