Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny ýubileý medaly bilen sylaglady

  • 08.12.2025 13:36
  • 13k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşantlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini, önjeýli döwlet işini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň goranmak ministri, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Begenç Ataýewiç Gündogdyýew,
  • Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Muhammet Allamyradowiç Hydyrow,
  • Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedow,
  • Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, üçünji hünär derejeli Begenç Gurbangeldiýewiç Hojamgulyýew,
  • Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, general-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýew,
  • Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, general-maýor Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýew,
  • Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow,
  • Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, general-maýor Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýew,
  • Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, polkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakow,

* * *

  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň rektory, polkownik Şamyrat Annamyradowiç Amanow,
  • Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň rektory, general-leýtenant Ismail Allamyradowiç Ismailow,
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň rektory, 2-nji derejeli kapitan Meýlis Öwezgylyjowiç Bäşimow,
  • Türkmenistanyň Serhet institutynyň rektory, podpolkownik Döwran Annabaýramowiç Aýdogdyýew,
  • Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory, polkownik Muhammetgeldi Babageldiýewiç Agageldiýew,
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň polkownigi Nurmyrat Bäşimowiç Kowusow.
  •  

düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......