Aşgabatda okuwçylaryň arasynda «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

  • 08.12.2025 15:00
  • 3.4k+

Aşgabatdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Merdana nesil — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edildi.
berilýän habara görä, bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Birinji şertde gatnaşyjylar Watana, türkmen halkyna söýgüsini, ata-babalaryň asylly ýol-ýörelgelerine belent sarpasyny, bagtyýar döwrüň milli özgertmelerine bolan buýsanjyny çeper beýan etdiler.
Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta sözleri aýtdylar. Üçünji şertde bolsa ýurtda gazanylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 4-nji synp okuwçysy Babajan Meretdurdyýew mynasyp boldy.

  • Birinji orna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Yslamberdi Nyýazmämmedow,
  • ikinji orna Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aly Jumamuhammedow bilen Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Umyt Rzagulyýew,
  • üçünji orunlara bolsa Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Salyh Baýramgeldiýew, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Jemşit Allaberdiýew hem-de Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meýlisjan Töreýew dagy mynasyp boldy.

Eminler topary bäsleşikde üstünlikli çykyş eden beýleki gatnaşyjylary hem «Şahandaz oglanjyk», «Ylhamly oglanjyk», «Edermen oglanjyk», «Ugurtapyjy oglanjyk», «Watançy oglanjyk», «Sazanda oglanjyk», «Owazly oglanjyk» diýen ugurlar boýunça sylaglady. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


şu gün 00:04
1.1k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

27.05.2026 18:14
4.2k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
7.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
3k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......