Daşary ýurt neşirleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy barada çykyş etdiler

  • 06.12.2025 10:41
  • 5.5k+

«Business Сentral Asia» halkara žurnaly
Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde çap edilýän hem-de Aziýa sebitinde, sebitiň çäklerinden alyslarda ýaýradylýan «Business Сentral Asia» halkara žurnaly şu ýylyň noýabr aýyndaky sanyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlady.

Neşirde Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde halkara giňişlige çykan wagtyndan bäri daşary syýasatynda üç esasy ýörelgäni — milli bähbitlere berk daýanmagy, gadymdan gelýän mirasa ygrarlylygy we halkara diplomatiýasyna döredijilikli çemeleşmegi ugur edinendigi bellenilýär.

«Bu doktrina parahatçylygy, dostlugy, özara hormat goýmagy we döwletleriň sazlaşykly ýaşamagyny wagyz edýär. Türkmen halky üçin Bitaraplyk asyrlaryň dowamynda kemala gelen ruhy we ahlak ýörelgelerinden gözbaş alýan, myhmansöýerligi, dost-doganlygy, durnuklylygy we agzybirligi nygtaýan gymmatlykdyr. Türkmen Bitaraplygy ýurduň ählumumy parahatçylygy berkitmäge we durnukly ösüşi goldamaga gönükdirilen başlangyçlaryny öňe sürmegi üçin mümkinçilikleri döredýän işjeň diplomatik gurala öwrüldi» diýip, awtor nygtaýar.

«Foreign Business in Georgia» žurnaly
Gruziýada «Foreign Business in Georgia» žurnalynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany neşir edildi. Onda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşine degişli makalalar ýerleşdirilipdir.

Žurnalda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşy baradaky makala ýerleşdirilipdir.  Neşirde oktýabr aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetine hem üns çekilýär. Onda ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmäge, ählumumy ykdysady, ulag we energetika baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi, şunda Hazar we Gara deňizleriniň ekoulgamyny goramak boýunça halkara platformany döretmekde tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk hasaplanýandygy bellenildi.

«ECO Heritage» žurnaly
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «ECO Heritage» atly žurnalyň ýörite sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Žurnal ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň degişli Kararnamasy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň nyşany hem-de Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitlerini beýan edýän suratlar bilen açylýar.
Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna bagyşlanan makalada giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek ýaly asylly maksatlara ýetmäge gönükdirilendigi bellenilýär. 
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet instituty gurama agza döwletleriň medeni gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna ýardam edýän ýöriteleşdirilen edaradyr. Bu ýurtlaryň baý medeniýeti bilen tanyşdyrýan, medeni mirasyň goralyp saklanylmagy, ilerledilmegi baradaky garaýyşlary beýan edýän “ECO Heritage” žurnaly bolsa guramanyň çäklerindäki we onuň daşyndaky okyjylar köpçüligine hödürlenilýär.


düýn 20:14
890

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......