Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

  • 07.12.2025 13:21
  • 15k+

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi.

"Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, onuň kadalaryny, esasy maksatlaryny, öňüni alyş diplomatiýasyny, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kanun arkaly berkitmekde goşan uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem halk wekillerinden, zähmet toparlaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köpsanly teklipleriň esasynda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamaly" diýlip, kararda bellenilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ýubileý medalyny we ýadygärlik nyşanlar toplumyny gowşurmak dabarasy 6-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlanandan soňra, “Oguz han” köşkler toplumynda geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli özüne gowşurylan sylagy – «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......