11k+

Apple iPhone 17-niň hataryna täze adaty bolmadyk reňkleri goşar

Apple ýene birnäçe hepdeden iPhone 17 hataryny hödürlär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatyna görä, adaty reňk görnüşlerinden başga-da, käbir modeller täze reňk wariantlaryny alar. Şeýlelikde, flagman modelleri bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max mämişi reňkde çykar we iPhone 16 Plus-yň ornuny tutjak iPhone 17 Air açyk gök reňkde bolar...

5.6k+

Hytaý uçýan elektrik stansiýasyny - dirižablyň we ýel turbinasynyň gibridini synamaga taýynlanýar

Hytaýyň Beijing SAWES Energy Technology Company kompaniýasy asman ýel elektrik stansiýasyny - turbinaly dirižably synagdan geçirmäge taýýarlyk görýändigini yglan etdi. Geliý bilen doldurylan howa gämisi 1500 metr belentlige çykar, ol ýerde ýeliň tizligi Ýeriň ýüzündäkä garanyňda, takmynan, üç esse ýokarydyr diýip, South China Morning Post belleýär...

5.8k+

BMG: 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşyň derejesi her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär

Birleşen Milletler Guramasynyň hünärmenleri 2025-nji ýylda dünýäde çaga dogluşynyň derejesi baradaky maglumatlary çap etdiler. Olaryň seljermelerine görä, bu görkeziji her aýal başyna 2,2 çagadan düşýär. Çaga dogluşynyň umumy koeffisiýenti belli bir ýurtda çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky aýalyň dogurýan çagalarynyň ortaça sanyny görkezýär...

11k+

Demirgazyk Amerikada 26 million sany, Aziýada bolsa 18 milliona golaý millioner ýaşaýar

Henley & Partners halkara konsalting kompaniýasy, gozgalmaýan emlägini hasaba almazdan, likwid maýa goýum aktiwleri bir million amerikan dollaryndan geçýän adamy millioner hökmünde kesgitleýär. Capgemini kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, dollar millionerleriniň aglabasy Demirgazyk Amerikada ýaşaýar, olar 26 milliondan gowrak adam...

5.7k+

Mask Starship-de ýokary tizlikli uçuşlary wada berýär: Nýu-Ýorkdan Londona 10 minutda

Ilon Mask özüniň soňky çykyşynda ýene Starship kosmos gämisini Ýerde ýokary tizlikli uçuşlar üçin ulanmak mümkinçiligi barada söz açdy. SpaceX-iň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Los-Anjeles we Sidneý, Los-Anjeles we Tokio ýa-da Nýu-Ýork we Singapur ýaly şäherleriň arasyndaky syýahat 30 minutdan hem az wagt alyp biler...

8.1k+

Rolls-Royce gülleýän sakura bilen bezelen ajaýyp Spectre kupesini hödürledi

Rolls-Royce kompaniýasy Inspired by Primavera (italýança primavera “bahar” diýlip terjime edilýär) ady bilen Spectre elektrik kupesiniň çäkli tapgyryny yglan etdi. Kolleksiýa dürli reňkli kuzowy, ýöne sakuranyň güllemegine bagyşlanan bir umumy çeper bezegi bolan üç awtomobil girdi...

6.1k+

Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi

28-nji awgusta geçilen gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Netijede, Ýewropanyň esasy ýaryşynyň umumy tapgyryna gatnaşjak klublaryň ählisi belli boldy. Ýaryş üçin ýollamany iň soňky bolup “Kaýrat” (Gazagystan), “Budýo-Glimt” (Norwegiýa), “Pafos” (Kipr), “Karabah” (Azerbaýjan), “Brýugge” (Belgiýa), “Benfika” (Portugaliýa) we “Kopengagen” (Daniýa) aldy...

8.2k+

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip hat ýazdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine hoşallyk bildirip hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda geçirildi...

4.7k+

Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi

Google Play programmalar dükanyndan jemi 19 mln gezek gurnalan 77 zyýanly programma bozuldy. Howpy Zscaler ThreatLabs gözleg toparynyň hünärmenleri ýüze çykardy diýip, BleepingComputer neşiri ýazýar. Gözlegiň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan programmalaryň 66%-den gowragy mahabat görkezýän programmalardy...

6.7k+

Nissan 18 ýyldan soň GT-R R35 modeliniň önümçiligini tamamlady

Nissan kompaniýasy R35 kuzowly GT-R modeliniň soňky nusgasynyň çykarylandygyny habar berdi. Bu wersiýa konweýerde 2007-nji ýylda peýda boldy, 18 ýylyň içinde bolsa 48 müň awtomobil ýygnaldy. Ahyrky awtomobil Midnight Purple goýy benewşe reňkine boýalan GT-R T-Spec boldy...

8.4k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär...

4.1k+

Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy

Angliýadan dokuz ýaşly Frenki Makmillan 700-den gowrak dag depesine, şol sanda Ýewropanyň iň beýik on depesine çykdy diýip, What’s the Jam habar berýär. Frenki üç ýaşynda alpinizm bilen meşgullanyp başlady. Onuň ejesi Basýa hem ogly bilen bilelikde dag depelerine işjeň çykýar we ömrüniň köp böleginiň daglarda geçýändigini belleýär...

7.8k+

6-njy sentýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

6-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar...

3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

4.8k+

Afrika Hytaýdan rekord mukdarda Gün panellerini satyn aldy

2025-nji ýylda Afrika ýurtlary Hytaýdan geçen ýylkydan has köp Gün panellerini satyn aldylar. Diňe maý aýynda yklym umumy kuwwaty 1,57 GWt bolan panelleri import etdi, bu bolsa taryhy maksimum boldy. Şol bir wagtyň özünde, bu ösüş ýigrimi töweregi kiçi ýurt tarapyndan amala aşyryldy diýip, Wired habar berýär...

8.8k+

Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylda özünde iň amatly bahadan satyljak smartfonyny — Galaxy A07 modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model eýýäm Indoneziýada alyjylar üçin elýeterlidir. Esasy aýratynlyklary: Ekran:...

5.6k+

«Awatar 3-iň» täze kadry peýda boldy. Onda öňki ganhor gaýdyp gelýär

«Awatar: Ot we kül» (Avatar: Fire And Ash) filminiň premýerasy şu ýylyň iň köp garaşylýan kino wakalarynyň biridir. Jeýms Kemeronyň franşizasynyň üçünji bölüminiň 19-njy dekabrda görkezilmegine garaşylýar. Häzirlikçe döredijiler taslama barada bölekleýin maglumatlary paýlaşýarlar...

1.7k+

Telegram-da indi “statusyňyza” saz goşmaga mümkinçilik döredi

Telegram messenjeriniň MacOS üçin niýetlenen beta wersiýasynda profiliňize saz goşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu barada Telelakel kanalyna salgylanýan Rozetked portaly habar berdi. Işleýiş nukdaýnazaryndan ol “Wkontakte-däki” aýdym-saz statusyna meňzeýär...

12k+

Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?

Günorta Afrika Respublikasynda Rhisotope taslamasy (iňlisçe “rhinoceros” – kerk  we “isotope” – izotop diýmegi aňladýar) başlandy. Başlangyjyň çäklerinde brakonýerlerden (bikanun awçylyk edýänlerden) ejir çekýän kerkleriň populýasiýasyny goramak üçin haýwanlaryň şahlaryna radioaktiw izotoplar sanjym edilýär...

2.8k+

SpaceX kompaniýasy Starship gämisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi

26-njy awgustda SpaceX amerikan kompaniýasy Starship gämisi oturdylan Super Heavy raketa göterijisiniň onunjy synag uçuşyny üstünlikli geçirdi. Çäre X sosial ulgamy arkaly göni ýaýlymda görkezildi. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, synagda öňde goýlan maksatlara ýetildi we bu uçuş "dünýäde ilkinji dolulygyna köp gezeklik raketa göterijisini işläp taýýarlamakda ähmiýetli ädim» boldy...