Aşgabatda ulag-kommunikasiýa boýunça halkara forumlaryň barşynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi

  • 14.11.2025 17:23
  • 4.4k+

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň netijesi boýunça birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, sebit üçin möhüm ugurlarda – telekommunikasiýa, üstaşyr geçirmek we kiberhowpsuzlyk boýunça möhüm ylalaşyklar baglaşyldy.
Hususan-da,

  • “Türkmentelekom” EAK-sy bilen “Gyrgyztelekom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça meýiller hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama telekommunikasiýa akymlarynyň üstaşyr geçirilmegi guramaga gönükdirilendir. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň sanly geçelge hökmündäki ornuny gönüden-göni güýçlendirýär.
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi maglumat howpsuzlygy we bulut çözgütleri ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolan “Palo Alto Networks, Inc.” amerikan kompaniýasy bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdi.
  • Fransiýanyň “THALES DIS France SAS” kompaniýasy bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi şeýle hem Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasy (“E-Governance Academy”) bilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdi. Bu resminama sanly hökümet hyzmatlaryny ösdürmek we ornaşdyrmak pudagynda öňdebaryjy tejribeleri we bilermenler biliminiň alyş-çalşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
  • Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Hytaýyň “China CAMC Engineering Co., Ltd.” inženerçilik korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Bu ylalaşyk ýurduň demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalara ýol açýar.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

16.05.2026 09:58
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......