Aşgabatda "Türkmentel" sergisi we ITTC 2025 forumy dowam edýär

  • 13.11.2025 23:23
  • 2.2k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.

Foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Birnäçe kompaniýalar bolsa depginli ösýän türkmen bazary üçin öz hödürleýän harytlarydyr hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar.
Şu gezekki sergide “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti emeli aň esasynda türkmen dilinde gürleýän robot tehnikasy, elektron enjamlary, kabelleri, töleg, SIM we saglyk ätiýaçlandyryş maglumat kartlary, bankomatlary bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde programma üpjünçiliklerini, mobil goşundylary taýýarlamakda, sanly hyzmatlary hödürlemekde, söwda platformalaryny döretmekde hususy kompaniýalara uly orun degişlidir. “Belet”, “Sanly çözgüt — IT meýdança”, “Nokat Kompýuter”, “Imdat elektronika” hojalyk jemgyýetleri, “Nurly Tolkun”, “Türkmen innowasiýa” hususy kärhanalary ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, programma üpjünçiliklerini taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny hödürleýärler. Sergide bu kärhanalaryň hyzmatlaryna giň orun berlipdir. Şeýle-de “Tehno Merkez” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti elektrik, gaz we suw ölçeýji “akylly” enjamlary bilen tanyşdyrýar.
Gözden geçirilişde “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Tylla nal”, “Bereketli netije”, “Dowamly ýol”, “At-abraý”, “Döwrebap ulag merkezi”, “Halkara Türkmen Logistik” hojalyk jemgyýetleri, “EGE”, “Gama”, “Meno” ýaly logistik kärhanalar hem iş ugurlarydyr mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmentel — 2025» atly ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Onda ýurdumyzyň wekilleri hem-de Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Halkara Transýewraziýa daşamalar boýunça utgaşdyryjy geňeşiň, GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (РСС), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Soňra maslahatlar aýratyn bölümçelerde dowam etdi. «Türkmentel — 2025» atly ylmy maslahatyň “Sanly geçiş: Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi” atly bölümçesinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen gazanylan üstünliklere üns çekildi.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň “Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýumlar: ulagyň geljegine itergi beriji güýç” atly bölümçesinde edilen çykyşlarda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bu babatda durmuşa geçirilen taslamalar we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çykyş edenler şu gezekki forumyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini giňden açyp görkezjekdigine ynam bildirdiler. 13-nji noýabrda halkara maslahat öz işini “Sebitleýin baglanyşyk we ykdysady geçelgeler”, “Üstaşyr geçelgeleriň multimodal baglanyşygyny berkitmek we oňa maýa goýumlary çekmek”, “Howa gatnawlary — durnukly ulag-logistika zynjyrynyň aýrylmaz bölegi” atly bölümçelerde, şeýle hem “Logistikada innowasiýalar we sanlylaşdyrmak” atly mejlis bilen dowam eder.
«Türkmentel — 2025» ylmy maslahatynyň ikinji gününde bolsa “Aragatnaşygyň milli infrastrukturasynyň “akylly”, howpsuz, özygtyýarly we durnukly ösüşi”, “Ösýän startaplar üçin ekosistemany döretmek: ösüp barýan bazarlarda startaplary maliýeleşdirmek” atly bölümçeler, “Telekeçilik mümkinçiliklerini ösdürmek: inkubatorlar, akseleratorlar we bilim” atly tehniki mejlis guralar. Forumyň ikinji iş gününiň çäklerinde Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Maliýe tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň sanly ösüşindäki orny» atly forum, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan halkara startap forumy guralar.
14-nji noýabrda forumyň jemleýji gününde bolsa Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan «Döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi: sanly registrlerden emeli aňyň ornaşdyrylmagyna çenli» atly okuw maslahaty, «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçiriler.


düýn 19:51
637

Türkmenistanyň DIM-inde Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Astana şäheri) Nikolaas Shermersiň arasynda duşuşyk geçirildi...

düýn 00:27
6.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

düýn 00:11
1.8k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

17.03.2026 15:58
6.6k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...