Lexicon iňlis dili platformasynyň Android üçin mobil goşundysy çykdy

  • 14.11.2025 12:00
  • 3.4k+

Iňlis dilini öwrenýänler, çagalaryna iňlis dilini öwretmek isleýänler üçin Lexicon platformasynyň Android üçin mobil goşundysy - Google Playda elýeterli boldy.

Ykjam goşundyny Android ulgamy üçin şu ýerden ýükläp bilersiňiz. Ykjam goşundy iňlis dilini başlangyçdan başlap, orta ýa-da ýokary derejelerdäki ähli öwrenýänler üçin peýdalydyr. Lexicon esasan çagalar üçin niýetlenip, onda interaktiw sapaklar, ses arkaly düşündirmek we oýun görnüşinde quizler-synaglar bar. 
Türkmenistanyň iňlis dili dersi boýunça 1-7-nji synplar üçin niýetlenen kitaplarynda bar bolan ähli sapaklar bu mobil goşundyda hem elýeterli. Çagalaryň mekdepde geçýän iňlis dili sapaklaryny has hem berkitmekleri, sapakdan daşary öýde hem gowy taýýarlanmaklary üçin kitapdaky ähli maglumatlar gyzykly görnüşde ýetirilýär.

Mobil goşundynyň Türkmenistandaky ähli okuwçylara elýeterli bolmagy üçin, programmada mugt tanyşdyryş sapaklary bar. Premium hasabynda 5,000-den köp sözleri öwrenmek üçin, häzirki wagtda 300-e golaý dürli görnüşli sapaklar bar. Lexicon Premium hasabyny açmagyň 3 aý tölegi - 18 manat bolup, tölegleri Altyn asyr kartlary, Rysgal bank kartlary arkaly onlaýn töläp bolýar.

Android telefonlara ýüklemek üçin şu ýere basyň.


25.05.2026 17:25
3.7k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
4k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.7k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......