Türkmenistan ýolagçylaryň monitoringiniň döwrebap ulgamlary arkaly serhetlerde gözegçiligi güýçlendirer

  • 14.11.2025 09:52
  • 8.8k+

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri ýolagçy maglumatlaryny monitoringleşdirmegiň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmaga bagyşlanan halkara duşuşyklaryna gatnaşdylar. Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin ýolagçy maglumatlary boýunça Resmi däl iş toparynyň bäşinji duşuşygy hem-de dokuzynjy bilelikdäki seminar 5–7-nji noýabr aralygynda Wenada geçirildi.

Çäräni ÝHHG-niň sekretariatynyň Milletara howplar boýunça departamenti hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi gurnady.
Duşuşyklara gatnaşyjylar Ýolagçylar barada öňünden maglumat ulgamy (API) hem-de Ýolagçylaryň atlarynyň hasaba alyş ulgamy (PNR) boýunça tejribe alyşdylar. BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalaryna laýyklykda döredilen bu ulgamlaryň maksady — mümkin bolan howplary ýüze çykarmak hem-de howply jenaýatçylaryň hereketlerini yzarlamak bolup durýar.
Türkmen wekiliýetiniň beren maglumatynda Migrasiýa gullugynyň maglumat ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri beýan edildi. Şeýle hem halkara hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri — hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan başlap tehniki goldaw almaga çenli — ara alnyp maslahatlaşyldy.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......