Aýrton Sennanyň meşhur Formula-1 bolidi auksiona çykarylar

  • 13.11.2025 09:35
  • 3.5k+

RM Sotheby’s auksion öýi Formula-1 taryhynyň iň meşhur bolidleriniň biri bolan McLaren MP4/6 awtoulagyny auksiona çykarýar. Hut şu ulagda Aýrton Senna 1991-nji ýylyň Braziliýadaky Gran Prisinde, geçiriş gutusyndaky çynlakaý näsazlyklara garamazdan, ýeňiş gazanypdy.

Awtoulagyň bahasynyň 12–15 million dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.
1991-nji ýylyň Braziliýa Gran Prisi Sennanyň Interlagosdaky ilkinji ýeňşi boldy. Ýaryşyň tamamlanmagyna on aýlaw galanda, onuň bolidiniň geçiriş gutusynda näsazlyk döräp, sürüji diňe altynjy geçirişi ulanyp ýaryşy dowam etdirmäge mejbur boldy. Şol pursatda ýagyş hem başlapdy — Senna üçin adaty ýagdaý. Şonda-da ol soňky aýlawlarda garşydaşlaryndan öňe geçip, Rikkardo Patrezeden üç sekuntdanam az aratapawut bilen ýeňiş gazandy.
McLaren MP4/6 häzirki wagtda doly işjeň ýagdaýda auksiona çykarylýar. Ulag 3,5 litrlik V12 hereketlendirijisi (720 at güýji) hem-de işläp duran geçiriş gutusy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bolid 2020-nji ýyla çenli McLaren kolleksiýasynda saklanyp, soň Lanzante kompaniýasy tarapyndan doly abatlandy. Auksiondan soň hem ulag tehniki barlagdan geçiriler.
Satyn alyjy bolid bilen birlikde ýaryş enjamlaryny we McLaren tarapyndan berlen hakykylyk sertifikatyny alar.


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 08:18
3k+

19 sany Aston Martin DB4 GT Zagato-nyň biri 15 mln dollara auksiona çykaryldy

RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....

04.06.2026 11:43
5.8k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....