Alymlar günebakar unundan düzüminde köp mukdarda belok saklaýan et önümini döretdiler

  • 13.11.2025 19:45
  • 5.7k+

Braziliýadan we Germaniýadan alymlaryň topary etiň ornuny çalşyp biljek innowasion önümi işläp taýýarladylar. Bu önüm üçin esasy çig mal hökmünde günebakar uny ulanyldy diýip, ScienceDaily ýazýar.

Barlag prosesinde alymlar ilki bilen günebakar tohumlaryndan ýag çykardylar, soňra uny gabygyndan we käbir fenollardan arassaladylar — bu minerallaryň we beloklaryň özleşdirilmegini gowulandyrdy.
Önümiň iki görnüşi döredildi: biri gowrulan günebakar dänesinden alnan un, beýlekisi bolsa teksturirlenen günebakar belogynyň esasynda. Ikisine-de pomidor tozy, dürli önümler (spesiýalar) we günebakar, zeýtun hem-de lýan ýaglarynyň garyndysy goşuldy. Bu garyndylar ownuk burger kotletleri görnüşinde şekillendirildi we ýylylyk bilen gaýtadan işlenildi.
Synaglaryň netijesinde teksturirlenen günebakar belogyndan ýasalan kotletleriň gurluşynyň has gowudygyny, has köp belok we peýdaly ýag turşularyny saklaýandygyny görkezdi. Şeýle hem önüm minerallara baý bolup, demir üçin günlük mukdaryň ýarysyny, sink üçin üçden iki bölegini we magniý hem-de margansyň ep-esli bölegini üpjün edýär.
Bu barlag FAPESP gaznasynyň goldawy bilen alnyp baryldy we günebakar önümçiliginiň galyndylaryny peýdalanmaga gönükdirilendir. Günebakar genetik taýdan üýtgedilmedik ösümlik bolany üçin, aýratyn gyzyklanma döredýär. Günebakar uny ösümlik beloklaryna baý bolup, häzirki zaman sagdyn iýmit talaplaryna laýyk gelýär.
Braziliýanyň Azyk Tehnologiýalary institutyndan Mariýa Tereza Bertoldo Paçeko uny arassalamagyň tagamyny we ysyny gowulandyrýandygyny, ekstruziýa usulynyň bolsa önüme et ýaly gurluş berýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, bu açyş günebakar täsirli ulanylyşy üçin täze mümkinçilikleri açýar.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....