Alymlar buzuň täze görnüşini – Ice XXI-i açdylar

  • 12.11.2025 18:50
  • 6.6k+

Koreýanyň Standartlar we ylymlar boýunça ylmy-gözleg institutynyň (KRISS) alymlary kristal buzuň täze, 21-nji görnüşini ýüze çykardylar. Ol 2 GPa-dan ýokary basyşda we otag temperaturasynda emele gelýär. Ol Ice XXI diýlip atlandyryldy diýip, Eurekalert neşiri habar berýär.

Açyş kristallaşma prosesine has çuň düşünmäge, täze materiallary işläp taýýarlamaga we Saturn hem Ýupiter ýaly buz planetalarynyň içindäki prosesleri öwrenmäge kömek edýär.
Täze görnüşi suwuň mikrosekuntda ençeme gezek doňmagyna we eremegine syn etmek arkaly ýüze çykarmak başartdy. Mundan öň buzuň temperatura we basyşa baglylykda üýtgeýän 20 sany kristal we iki amorf fazasy bellidi. Faza geçişiniň çylşyrymly zolagy 0 bilen 2 GPa-nyň aralygy bolup, bu ýerde biri-birini çalt çalyşýan ondan gowrak görnüş bar. Günorta koreýaly alymlar Ice XXI-i bu diapazonyň ýokarky çäginde – otag temperaturasynda we 2 GPa basyşda (takmynan, 20 müň atmosfera) hasaba aldy.
Tejribe üçin suw nusgalaryny millisekuntda deňölçegli gysýan dinamiki almaz sandal (dDAC) ulanyldy. dDAC-da gurnalan elektrik pýeza datçikleri hakyky wagtda suwuň basyşyny we özüni alyp barşyny yzarlamaga mümkinçilik berdi.
XXI buzunyň döredilmegi barlaghana şertlerinde geçirildi: ilkibaşda alymlar VI kristal buzy aldy, soňra European XFEL rentgen lazeriniň kömegi bilen kristallaşmanyň täze ýollaryna syn etdi.
XXI buzy özboluşly gurluşy bilen tapawutlanýar: onuň kristal ýaçeýkasynyň tekiz, deň taraply guty ýaly şekili bar. Bu görnüş ähli belli bolan buz kristallarynyň arasynda iň özboluşlysy bolup, materiallary öwrenmekde we paleontologiýa üçin täze mümkinçilikleri açýar. 


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....