Aýdymçy Dua Lipa deriniň idegi üçin kosmetika toplumyny çykardy

  • 13.11.2025 19:49
  • 6k+

Britaniýaly aýdymçy Dua Lipa özüniň Dua atly täze ideg kosmetika liniýasyny çykardy diýip, Hypebae portaly habar berýär.

Bu kolleksiýa kosmetika brendi Augustinus Bader Science bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Oňa üç sany serişde girýär: derini arassalaýjy krem — Balancing Cream Cleanser, deri öýjüklerini täzeleýji krem — Renewal Cream we derini ýalpyldadýan toplum — Supercharged Glow Complex.
Kompaniýanyň bellemegine görä, bu serişdeleriň formulasy TFC5 tehnologiýasyna esaslanýar. Ol deriniň tebigy gorag ukybyny güýçlendirýär we onuň çeýeligini saklamaga kömek edýär, ýagny ýygyrdyň öňüni alýar.
Aýdymçynyň sözlerine görä, ol täze toplumy  gündelik ulanmak üçin ýönekeý we täsirli önüm hökmünde döretmek isläpdir.

«Men bu deri ideg liniýasyny gündelik ulanýan, arassa, täsirli we amatly serişde bolmagy üçin döretdim. TFC5 tehnologiýasy bilen Dua toplumy deri üçin zerur bolan aýratyn talaplara laýyk bolup, wagt geçdikçe onuň saglygyny we çeýeligini gowulandyrýar» diýip, Dua Lipa aýtdy.

Bu serişdeleriň bahasy 40 bilen 80 dollar aralygynda. Olar brendiň resmi web sahypasynda satylýar. Kolleksiýa Augustinus Bader brendiniň müşderilerinden tapawutlylykda,  esasan,  18–35 ýaş aralygyndaky alyjylara niýetlenendir.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....