19k+

Günorta Koreýa öz raýatlaryny Eýrandan çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Eýrandan raýatlaryny çykarmakda beren kömegi üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. 24-nji iýunda Seuldaky Hökümet toplumynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary degişli beýanat bilen çykyş etdi diýip, Newscentralasia habar berýär...

17k+

Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün, 25-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Sergeý Lawrowyň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi...

13k+

Jonni Depp Jek Worobeýiň keşbinde Madridiň hassahanasyndaky çagalary begendirdi

Jonni Depp Madriddäki Niño Jesús hassahanasynda bejergi alýan çagalary begendirmek üçin ýene-de kapitan Jek Worobeýiň keşbinde peýda boldy diýip, People neşiri habar berýär. Aktýor meşhur garakçynyň keşbinde hassahananyň otaglaryna aýlanyp, kiçijik hassalar bilen salamlaşdy, olara “bäş berdi” we ruhlaryny göterdi...

5.1k+

Suzuki Toyota RAV4-iň binýadynda täze Across modelini çykarar

2026-njy ýylda Ýewropada Suzuki Across gibridiň ikinji nesli peýda bolar. Model Toyota RAV4-iň platformasynda gurlar. Ilkinji Suzuki Across birneme üýtgedilen RAV4 Plug-in Hybrid görnüşinde bolup, 2020-nji ýylda başgaça faralar, bamper we Suzuki nyşanlary bilen çykypdy...

2.1k+

Microsoft kwant ýadyny 1000 esse ygtybarly etmegiň usulyny tapdy

Microsoft-yň barlagçylary dört ölçegli kodlar diýlip atlandyrylýan kwant kompýuterleri üçin täze ýalňyş düzediş ulgamyny hödürlediler. Ol, adaty usullar bilen deňeşdirilende, ýalňyşlyklaryň sanyny müň esse azaltmaga mümkinçilik berýär diýip,  Live Science ýazýar...

9k+

Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar 

Toyota GR Supra sport kupesiniň täze neslini işläp taýýarlaýar. Ýapon metbugatynyň habaryna görä, bu modeliň Lexus brendi astynda analogy peýda bolar. Iki awtoulag hem umumy platformada gurlar we gibrid elektrik güýç gurluşyny alar...

2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýany Döwlet güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara we ýurduň ähli halkyna Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

3.4k+

Türkmenistan we Ýaponiýa täze taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşdy

23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň başlygy Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...

8.7k+

Ýaponiýadaky Fudzi dagyna rezin tigirli üýtgeşik tramwaý goýberilýär

Ýaponiýanyň Ýamanasi prefekturasynda adaty asfalt ýollardan hereket etjek rezin tigirli üýtgeşik tramwaýy işe girizmäge taýýarlyk görülýär. Ýöne onuň hereketi magnit markerleriniň ulgamy bilen çäklendiriler. The Asahi Shimbun neşiriniň habar bermegine görä, täze ulag görnüşi Fudzi dagyna barýan alpinistler we syýahatçylar üçin niýetlenýär...

3.8k+

Redmi smartfonlar we konsollar üçin oýun geýmpadyny hödürledi

Redmi kompaniýasy mobil oýunlaryna gönükdirilen hususy oýun kontrollerini çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Xiaomi-niň önüm menejeri Bao So Li salgylanyp, Gizmochina habar berýär. Täze gurluş Bluetooth birikmesini goldaýar, bu hem ony diňe bir smartfonlar we planşetler däl, eýsem oýun konsollary bilen hem ulanmaga mümkinçilik berýär...

4.4k+

Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesini terk edýär

Janfranko D’Attis Prada moda öýüniň baş direktory wezipesinden gidýär. WWD-niň habar bermegine görä, çözgüt ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda kabul edildi. D’Attis 30-njy iýuna çenli işini dowam etdirer. Şondan soň brende wagtlaýyn ýolbaşçylyk Prada Group-yň ähli aktiwlerine gözegçilik edýän Andrea Guerra geçer...

3.1k+

Aýnadan çap etmek üçin ilkinji 3D printeri döredildi

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň Linkoln barlaghanasynyň barlagçylary aýna zatlary öndürmäge ukyply ilkinji 3D printeri çykardylar. Şu wagta çenli additiw önümçilik şokolad we plastmassa ýaly dürli materiallary öz içine alypdy, ýöne organiki däl aýna bu tehnologiýanyň çäginden daşarda galyp gelýärdi...