Blue Origin ilkinji gezek Marsa zond iberdi we New Glenn raketasynyň birinji basgançagyny yzyna gaýtardy

  • 15.11.2025 14:58
  • 4.9k+

Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasynyň kömegi bilen ilkinji gezek orbita peýdaly ýük çykardy we onuň birinji basgançagyny Atlantikdäki barža yzyna gaýtardy.

Uçuş ýerli wagt bilen 13-nji noýabrda 15:55-de (Aşgabat wagty bilen ertesi gün 01:55) Kanaweral burnundaky ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň bazasyndan amala aşyryldy. Uçuşdan üç minutdan soň diýen ýaly raketanyň ýokarky basgançagy aýryldy, on minutdan soň bolsa birinji basgançak eýýäm baržada durdy.
Esasy peýdaly ýük Rocket Lab kompaniýasy tarapyndan döredilen iki sany ESCAPADE hemrasy boldy. Olaryň wezipesi Gün ýeliniň Marsyň atmosferasy we magnitosferasy bilen baglanyşygyny öwrenmekden ybarat. Viasat kompaniýasynyň goşmaça täjirçilik enjamy NASA-nyň aragatnaşyk tehnologiýalaryny synagdan geçirmek üçin blokda galdy.
NASA üçin bu möhüm ädimdir. Eger ESCAPADE enjamlary Marsa ýetip, göz öňünde tutulan orbitalara çykyp bilse, bu agentligiň möhüm üstünligi bolar.
Enjamlar ilki 1,5 mln km uzaklykdaky (häzir ol ýerde “Jeýms Uebb” teleskopy bar) Ýer-Gün ulgamynyň Lagranž L2 nokadyna ugrar. Ol ýerde Lagranž nokadynyň töweregindäki orbita boýunça hereket edip, bir ýyl bolar. Şondan soň Ýere yzyna gaýdyp, grawitasiýa usulyny ýerine ýetirer we Marsa ugrar. Ol ýere 2027-nji ýylyň sentýabrynda barmaly.
Missiýa tapgyrlaýyn amala aşyrylar. Rocket Lab diňe enjamlary dörediji bolup çykyş etdi, olar işe girizilenden soň, missiýany dolandyrmaklyk Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetine geçer. 


18.06.2026 11:16
2.7k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....