Oguljahan Atabaýewa ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşdy

  • 16.11.2025 12:15
  • 1.6k+

15-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda 22-nji noýabrda Çagalaryň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçiriljek çärä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, hususan-da, bejergi işlerine öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, çagalaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen maksatnamalary işläp taýýarlamak, howandarlyga mätäç çagalar bilen işleýän lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Hanym Jalpa Ratna ÝUNISEF-iň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikdäki tagallalarynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmäge ýardam berjekdigini belläp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň toplan halkara tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny tassyklady.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......