Talyplaryň arasynda «CodeMaster 2025» programmirleme bäsleşigi geçiriler

  • 14.11.2025 19:07
  • 1.7k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «CodeMaster 2025» hakatonyny geçirer.

Bäsleşik 4-5-nji dekabrda onlaýn arkaly toparlaýyn ýaryş görnüşinde geçiriler. Bäsleşige her okuw mekdepden 4 talypdan ybarat bolan bir topar gatnaşyp biler. IT-ýumuşlary çözmäge hakatona gatnaşyjy toparlara 3 sagat wagt berler.
Talyplaryň işlerine eminler tarapyndan esasy bäş ugurlar: programmanyň interfeýsiniň owadanlygy, ulanmakda ýönekeýligi we oňaýlylygy, programma üpjünçiliginiň işiniň tizligi, maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilişiniň hili, programmanyň göwrümi boýunça baha berler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň arasynda Baş baýragyň eýesi kesgitleniler. Şeýle hem iň oňat toparlara iki sany I we iki sany II orunlar hem-de üç sany III orunlar berler. Hakatonyň ýeňijileri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň degişli derejeli diplomlary we sowgatlary bilen sylaglanylar.
«CodeMaster 2025» hakatona gatnaşmak isleýänler institutyň tdbgi.codemaster2025@gmail.com elektron salgysyna haýyşnama ugradyp, 26-njy noýabra çenli bellige alynmalydyrlar. Haýyşnamalar guramaçy ýokary okuw mekdebiň saýtynda ýerleşdirilen I goşundy boýunça resmileşdirilmelidir. Şeýle hem bu saýtdan bäsleşigiň geçirilişi hem-de oňa gatnaşmagyň düzgünleri barada doly maglumat alyp bolar. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99362665547; e-mail: sedahojayev06@gmail.com.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......