“Jeýms Uebb” teleskopy ilkinji gezek üçünji nesil ýyldyzlaryny surata aldy

  • 15.11.2025 21:53
  • 3.5k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopyna ilkinji gezek Uly partlamadan gysga wagtdan soň emele gelen ýyldyzlary gönüden-göni surata almak başartdy. Olar üçünji populýasiýa (Pop III) ýyldyzlary diýlip atlandyrylýar we seýrek obýektler bolup, Älemiň dörän eýýamynyň gadymy obýektleri hasaplanýar diýip, Phys.org žurnalynda aýdylýar.

Toledo uniwersitetinden Ari Wisbalyň ýolbaşçylygyndaky ylmy gözleg şeýle ýyldyzlaryň döräp biljek ýeri diýlip pikir edilýän uzakdaky LAP1-B galaktikasyny öwrendi.
Nazaryýet taýdan Pop III ýyldyzlary doly wodoroddan we geliden ybarat. Olarda diňe litiniň yzlary bolup bilýär, has giçki ýyldyzlarda döreýän “agyr” elementler bolsa şol wagtlar tebigatda ýokdy.
“Jeýms Uebb” LAP1-B galaktikasynda ýyldyzlaryň agramy, takmynan, 50 mln Gün massasyna barabar bolan garaňky materiýanyň dykyz buludynda emele gelendigini görkezdi. Olaryň öz agramy 10-dan 1000 Gün massasyna ýetýär we olar umumy agramy birnäçe müň Gün massasy bolan ykjam toparlara birleşýär.
Gözegçilik ilkinji ýyldyzlar baradaky esasy çaklamalar bilen gabat gelýär. LAP1-B entek bu statusa dalaşgär bolup galýar we tassyklamak üçin alymlara goşmaça spektral gözlegleri geçirmek gerek. Eger çaklama tassyklansa, astronomlar ilkinji gezek Älemiň ýaňy ýagty saçyp başlan döwrüne göz aýlap biler. 


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....