Duşenbe şäherinde Türkmenistan - Täjigistan parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi

  • 14.11.2025 18:44
  • 1.2k+

13-nji noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki sessiýasynyň çäginde Türkmenistan-Täjigistan parlamentara dostluk toparlarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berýär. 

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, täze derejelere çykarylmagy bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy. Iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi.
Häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygy barada aýdyldy.
Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda guralýan saparlaryň, geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini nygtadylar. 
Duşuşygyň ahyrynda taraplar geljekde hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......