15-16-njy noýabrda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

  • 15.11.2025 10:27
  • 4k+

15–16-njy noýabrda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçiriler.

Sammite sebitiň bäş döwletiniň liderleri: Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşar. Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem gatnaşar.
Çäräniň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary ösdürmegiň esasy meseleleri girizildi. Döwlet Baştutanlarynyň sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar.
Sammitiň netijeleri boýunça köptaraply resminamalaryň toplumynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Yzygiderli konsultatiw duşuşyklary geçirmek başlangyjy Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda teklip edildi we şondan bäri bu format sebitiň döwletleriniň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.


şu gün 11:28
242

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

şu gün 11:27
654

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....