16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler

  • 15.11.2025 10:09
  • 3.2k+

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada degişli teklibi wise-premýer B.Orazdurdyýewa anna güni Hökümet mejlisinde hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşige ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň köp sanlysy hödürlenip, şolaryň arasyndan ylymda, bilimde, sportda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda gazanan üstünlikleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp görüldi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini sylaglamak dabarasyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....