Türkmenistanyň Prezidenti iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistana geldi

  • 16.11.2025 12:05
  • 8.6k+

Şu gün, 16-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistana geldi. Daşkent şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Howa menziliniň Prezident terminalynda ýokary derejeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

"Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Daşkende bu gezekki saparynyň maksatnamasy dürli mazmunly çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Günüň birinji ýarymynda Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Ertir bolsa ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Şeýle-de saparyň çäklerinde Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasy guralar.
Ýeri gelende bellesek, «Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» atly mehanizmi döretmek başlangyjy 2017-nji ýylyň sentýabrynda öňe sürlüpdi. Şondan bäri sebitiň Liderleri 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanda, 2019-njy ýylyň noýabrynda Özbegistanda, 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gyrgyzystanda, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Täjigistanda, 2024-nji ýylyň awgustynda Gazagystanda guralan sammitlere gatnaşdylar.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......