2025-nji ýyl magnit tupanlarynyň sany boýunça rekorda golaýlaýar

  • 15.11.2025 14:55
  • 6.6k+

2025-nji ýyl soňky onýyllykda güýçli magnit tupanlarynyň sany boýunça rekordly bolup biler. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

13-nji noýabra çenli ýagdaýa görä Ýerde 61 magnit tupany hasaba alyndy. Olardan dördüsi G3 derejä, ikisi G4 derejä ýetdi. 12-nji noýabrda bolup geçen tupan iň ýokary G5 derejä ýetdi diýen ýaly. Barlaghana onuň 42 sagat dowam edip, soňky bäş ýylda ikinji iň güýçli tupan bolandygyny belleýär.
Ýanwar – oktýabr aýlarynda hünärmenler 134 magnit tupanyny we geomagnit gozganmalaryny hasaba aldy – bu on ýyllyk gözegçilik döwründe rekorddyr.
Deňeşdirmek üçin: 2024-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany kän däldi – 43, ýöne her dördünjisi diýen ýaly ýokary derejelidi. Şonda alty gezek G3, dört gezek G4 we bir gezek G5 derejeli gozganmalara syn edildi.
Işjeňligiň deňeşdirip boljak derejesi 2015-nji ýylda bolup geçdi, şol wagt 72 magnit tupany hasaba alyndy. Olardan dokuzysy G3 ýa-da G4 derejä ýetdi. 


şu gün 09:22
2.1k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.4k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...

26.01.2026 15:29
7.1k+

Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar...

24.01.2026 15:54
3.7k+

Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi

Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi...