Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

  • 16.11.2025 12:25
  • 2.4k+

15-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Farýal Legari bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa Gaznanyň ýurdumyzda çagalara saglygy goraýyş, bilim, durmuş ulgamlarynda berilýän hyzmatlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns berýändigini belledi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şu ýylyň dekabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahatynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu forumyň zenanlaryň jemgyýetde ornuny pugtalandyrmak barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyny belledi.    
Ilçi gender deňligini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň durmuşa geçirýän işlerine Pakistanda ýokary baha berilýändigini belläp, bu maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylda döredilip, çagalara, hususan-da, ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara hemmetaraplaýyn kömek berýär. Häzirki wagta çenli Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara 700-den gowrak lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Gaznanyň binýadynda Sagaldyş-dikeldiş merkezi we inklýuziw çagalar bagy hereket edýär. Diňe şu ýylyň dowamynda Merkezde 900-e ýakyn çaga tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş bejergisini aldy.


şu gün 13:44
1.1k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1.1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......