Türkmenistan Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdy

  • 14.11.2025 19:25
  • 8.8k+

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Mejlise Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Parlamentleriniň, halkara guramalaryň hem-de raýat jemgyýeti institutlarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar sebitiň ýurtlarynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek babatynda alnyp barylýan netijeli işleriň ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça yzygiderli işleriň geçirilýändigi barada bellediler. Şunuň bilen baglylykda
Şu nukdaýnazardan, zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde gatnaşygyny giňeltmäge, şeýle hem gender deňligini ilerletmäge gönükdirilen Türkmenistanyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenip geçildi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....